Hasan Ruhani protestlerin sebäbiniň diňe bir ykdysady bolmandygyny aýtdy

Eýranyň Prezidenti saklanan ähli talyplaryň boşadylmagyny isledi

883900
Hasan Ruhani protestlerin sebäbiniň diňe bir ykdysady bolmandygyny aýtdy

Her bir adamyň eýranly ýolbaşçylary tankyt etmäge hakynyň bardygyny aýdan Ruhani sosial media goýulan gadagançylyklaryň aýrylmagyny isledi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani “Iran Tasnim” habarlar gullugyna beren beýannamasynda: “Diňe bir ykdysady sebäpler bilen köçelere çykandyklaryny aýtmak, Eýranyň halkyny kemsitmekdir” diýdi.

Ruhani protestçileriň şol bir wagtda jemgyýetçilik we syýasy islegleriniň bardygyny nygtady.

Käbir toparlaryň sosial medianyň dolulygyna gadagan edilmegi baradaky islegini kabul etmedik Ruhani; “halkyň ýaşaýyşyna we işewür dünýäsine ünssiz çemeleşmek bolmaz” diýdi.

Beýleki tarapdan Eýranyň Prezidentiniň saklanan ähli talyplaryň boşadylmagyny isländigi beýan edildi.

Eýranly halk deputatlaryndan biri bolsa 22 ýaşly talyplardan biriniň tussaghanada janyna kast edendigini habar berdi.

Eýrandaky demonstrasiýalarda müňden gowrak adam saklandy, 20-den gowrak adam bolsa ýogaldy.

Protestler hökümetiň tarapdarlarynyň köçelere çykmagy bilen durdy.



Degişli Habarlar