Eýran ABŞ-ny BMG-na şikaýat etdi

Eýran, ABŞ-ny ýurtda dowam edýän protest aksiýalary sebäpli işerki işlerine goşulyşmakda günäkärläp, BMG-na şikaýat etdi

881322
Eýran ABŞ-ny BMG-na şikaýat etdi

 

Eýranyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Golamali Hosroo BMG-niň Baş Sekretary Antonio Guterreşe we BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşine ugradan hatynda: “Amerikan hökümeti protest aksiýalaryna goldaw bermek bahanasy bilen Eýranyň içerki işlerine goşulyşmagyny artdyrdy. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp we Wise-prezident köp sanly manysyz twit bilen eýranlylara meçew berici aksiýalara höweslendirdi” diýilýär.

ABŞ-ny halkara hukugynyň we BMG-niň konwensiýasynyň kadalaryny bozmakda hünäkärlän Hosroo, Trampyň we hökümetiň Eýran baradaky beýannamalarynyň ýazgarylmagy üçin çagyryş etdi.

Tramp: “Özbolyşlygyny ýitiren hökümetlerini yzyna almaga synanşýan Eýranyň halkyny hormatlaýaryn. Wagty gelende ABŞ-dan uly goldaw alarsyňyz” diýipdi.

Eýrandaky wakalar 2017-nci ýylyň 28-nci dekabrynda Maşatdaky aksioner toparyň ýurtdaky gymmatçylyk, işsizlik, galplyk ýaly meseleleri protest etmek islemegi bilen başlapdy. Gysga wagtda hökümete garşy aksiýalara öwrülen protestler Tähran, Senende, Zencan, Şiraz, Gum, Ahwaz, Zahidan, Erak, Hurrem Abad ýaly köp sanly şähere ýaýrapdy.

Ýurt boýunça wakalaryň dowamynda häzirki wagta çenli 24 adamyň ýogalandygy, müňden gowrak aksioneriň saklanandygy habar berilipdi.

Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň serkerdesi Muhammed Ali Caferi düýn Eýranyň döwlet teleýaýlymynda eden çykyşynda ýurdunda soňky günlerde guralan “hökümete garşy” aksiýalaryň bes edilendigini öňe sürüpdi.

Bir hepde ozal ykdysady sebäplerden başlap aksiýalaryň anna güni we ondan soň režim garşydaşlygyna öwrülendigini nygtan Caferi, wakalardan ABŞ-ny, Ysraýyly we Saud Arabystanyny cogapkär saýypdy.

 


Etiketkalar: #Eýran , #şikaýat , #BMG

Degişli Habarlar