Nigeriýada Boko Haram tarapyndan zamun alynan 700 adam boşadyldy

Boko Haram 17 müňe golaý adamyň ýogalmagyna sebäp boldy

880291
Nigeriýada Boko Haram tarapyndan zamun alynan 700 adam boşadyldy

Nigeriýanyň demirgazygynda terror guramasy Boko Harama garşy geçirlen operasiýalarda terror guramasy tarapyndan zamun alynan 700 adam boşadyldy.

Nigeriýanyň NAN habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Borno welaýatynyň Monguno şäherinde Boko Harama garşy geçirlen operasiýada gurama tarapyndan zamun alynan 700 adam halas edildi.

Nigeriýanyň ýaragly güýçlerinden berlen beýanatda bolsa 242 esgeriň gatnaşmagynda geçirlen operasiýada zenanlar we çagalar bilen birlikde gurama tarapyndan zamun alynan 700 adamyň boşadylandygy nygtaldy.

Nigeriýada 2000-njy ýyllaryň başyndan bäri iş alyp barýan we lideri Muhammed Ýusufyň göz tussaglygynda mahaly öldürilmeginden soň 2009-njy ýylda yzigderli ýagdaýda hüjüm guramaga başlan Boko Haram 17 müňe golaý adamyň ýogalmagyna sebäp boldy.

Boko Haram geçen ýyldan bäri goňşy ýurtlar Kamerunda, Beninde, Çadta we Nigerde hem hüjüm guraýar.

 



Degişli Habarlar