Kabulda şaýy medeniýet merkezine guralan hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 40 adam ýogaldy
Hüjümde ýogalanlaryň sanynyň köpelmegine alada bildirilýär
877360
![Kabulda şaýy medeniýet merkezine guralan hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 40 adam ýogaldy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/d8a3/72aa/4af2/5a449fd24509c.jpg?time=1718837842)
Owganystanyň paýtagty Kabulda şaýy medeniýet merkezine guralan hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 40 adam ýogaldy, 30 adam ýaralandy.
Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Nasrat Rahimi Ražhwok mesele hakynda beren beýanatynda hüjümde ýogalanlaryň esasy böleginiň asuda ilatdygyny belledi.
Hüjümde ýogalanlaryň sanynyň köpelmegine alada bildirilýär.
Owganystanda oktýabr aýynda şaýy metjidine guralan hüjümde hem onlarça adam ýogalypdy.
Degişli Habarlar
!["Ysraýyl Gazada on müňlerçe çagany öldürdi ýa-da maýyp etdi"](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/5ac2/48c2/a801/6672c8f898d4b.jpg?time=1718837843)
"Ysraýyl Gazada on müňlerçe çagany öldürdi ýa-da maýyp etdi"
BMG: "Ysraýyl Gazada on müňlerçe çagany öldürdi ýa-da maýyp etdi" diýip mälim etdi