Putiniň esasy bäsdeşi Nawalniniň prezident saýlawy üçin dalaşgärligi kabul edilmedi

"Galplyk etmekde aýyplanylýandygy we azatlykdan mahrum edilendigi sebäpli Nawalni prezident saýlawlaryna dalaşgär bolup bilmez"

875645
Putiniň esasy bäsdeşi Nawalniniň prezident saýlawy üçin dalaşgärligi kabul edilmedi

 

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň esasy bäsdeşlerinden biri hökmünde görülýän Alekseý Nawalniniň geljek ýyl geçiriljek prezident saýlawy üçin dalaşgärligi kabul edilmedi.

Oppozisioner we “Galplyga garşy göreş gaznasynyň” esaslandyryjysy Nawalni üçin şeýlelikde prezidentlige dalaşgärlik ýoly ýapyldy.

Merkezi saýlaw komissiýasyndan berlen beýanatda, galplyk etmekde aýyplanylýandygy we azatlykdan mahrum edilendigi sebäpli Nawalniniň saýlaw kanunyna laýyklykda geljek ýyl geçiriljek prezident saýlawlaryna dalaşgär bolup bilmejekdigi nygtaldy.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine garşy geçirýän protest ýörişleri bilen ýakyndan tanalýan oppozisionerlerden biri bolan ýazyjy we aklawçy Nawalniý 2014-nji ýylda gaplyk edendigi sebäpli azatlykdan mahrum edilipdi

Russiýanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Ella Pamfilowa birnäçe gezek Nawalniniň geçmişde azatlykdan mahrum edilendigi sebäpli prezident saýlawlaryna dalaşgär bolup bilmejekdigini aýdypdy.

 

 

 



Degişli Habarlar