Gresiýanyň paýtagty Afinide kazyýetiň öňünde bombaly hüjüm guraldy

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady

873708
Gresiýanyň paýtagty Afinide kazyýetiň öňünde bombaly hüjüm guraldy

 

Ýolbaşçylar Afininiň merkezindäki Lukareos köçesinde ýerleşýän kazyýetiň öňüne goýlan sumkanyň içindäki bombanyň ýerli wagt bilen sagat 03.30-da ýarylandygyny habar berdi.

Hüjüm sebäpli kaziýetiň binasyna we golaýdaky binalara zeper ýetirildi.

Grek köpçülikleýin habar beriş serişdeleri partlamadan ozal şahsyýeti näbelli bir adamyň “Efimerida sintakton” gazetine telefon edip 35 minut soň bombanyň ýaryljakdygyny habar berendigine ünsi çekdi.

Gelip gowşan habardan soň howpsyzlyk güýçleriniň berk çäre görendigi ýatladyldy.

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.

 



Degişli Habarlar