Tramp Iýerusalim taslamasyna goldaw berjek ýurtlara hemle atdy

“Bizden millionlarça hatda milliardlarça dollar alýanlaryň bize garşy ses bermeklerini kabul etmeris"

872670
Tramp Iýerusalim taslamasyna goldaw berjek ýurtlara hemle atdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp BMG-nyň Baş Assambleýasynda şu gün ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýan Iýerusalim taslamasyna goldaw berjek ýurtlara “maddy kömekleri kesmek” bilen hemle atdy.

Ak Tamda Ministrler kabinetiniň 2017-nji ýyldaky soňky mejlisi hakynda metbugata beýanat beren Tramp, BMG-nyň Baş Assamleýasynda geçiriljek İýerusalim hakyndaky sese goýulşyk barada durup geçdi we taslama “kabul” sesini berjek ýurtlara berilýän maddy kömegi kesip biljekdiklerini aýtdy.

Tramp “Bizden millionlarça hatda milliardlarça dollar alýanlaryň bize garşy ses bermeklerini kabul etmeris. Sese goýulşyk bilen ýakyndan gyzyklanýarys we ähli zady bellige alarys” diýdi.

Tramp “Düýn ABŞ-nyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Nikki Haleýiň BMG-da pullarymyzy alandan soň Howpsyzlyk geňeşinde bize garşy ses beren ýada Baş Assambleýada garşy ses berip biljek ýurtlara ugradan ýüzlenmesinden hoşal. Bizden millionlarça hatda milliardlarça dollar alýanlaryň bize garşy ses bermeklerini kabul etmeris. Şol sesler bilen ýakyndan gyzyklanarys. Bize garşy ses berip biler. Biz hem has köp pul ýygnarys”diýdi.

Haleý düýn BMG-nyň Baş Assambleýasynda geçiriljek sese goýulşygyň öňüsyrasynda diplomatlara ugradan e-poçtasynda karara garşy ses berjeklere  üsti ýapyk görnüşde hemle atypdy.

ABŞ-nyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edýän kararynyň şu gün BMG-nyň Baş Assambleýasynda sese goýulmagyna garaşylýar.

Sese goýulşyga gurama agza 193 ýurduň wekili gatnaşar.

 

 



Degişli Habarlar