Yragyň Kürt Awtanomiýasynda başlan hökümete garşy ýörişlerde 5 adam ýogaldy

Yragyň Kürt Awtanomiýasynda ýerleşýän Süleýmaniýe şäherinde başlan hökümete garşy ýörişlerde 5 adam ýogaldy, 93 adam ýaralandy

872174
Yragyň Kürt Awtanomiýasynda başlan  hökümete garşy ýörişlerde 5 adam ýogaldy

Süleýmaniýe şäheriniň merkezinde käbir mugallymlaryň aýlyk günlükleriniň gijä galandygy we galplyga garşy başladan protest ýörişleri gysga wagtda köpçülikleýin ýörişe öwrüldi.

Şäher merkezinde başlan ýörişler beýleki etraplarda hem ýaýbaňlanýar.

Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi wakalar hakynda beren beýanatynda  “Kürt Awtanomiýasynyň ýalňyş syýasatlary sebäpli demirgazykda ýörişler geçirilýär. Demonstrantlar zyýan çeken halatynda garşylyk görkezeris” diýdi.

Premýer ministr Abadi paýtagt Bagdatda beren beýanatynda merkezi hökümetiň esasy wezipesiniň ýurdundaky ähli raýatlarynyň janyny we malyny goramakdygyna ünsi çekipdi.

Yragyň Kürt Awtanomiýasyndaky howpsyzlyk güýçlerine demonstrantlaryň zyýan çekmezligi çagyryşyny beren Abadi, asuda ilatyň ýöriş geçirmek hukugynyň ellerinden alynmagyny kabul etmeýändiklerini ýatlatdy.

Premýer ministr Abadi demonstranlara hem döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanaşara zeper ýetirmezlikleri çagyryşyny berdi.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar