Türkiýäniň öňden görüji liderleri diýseň möhüm

Mejlisiň Başlygy İsmail Kahraman Jibutiniň Prezidenti İsmail Omar Guelleh bilen duşuşdy

871565
Türkiýäniň öňden görüji liderleri diýseň möhüm

Guelleh duşuşygyň başynda sözlän sözünde Mejlisiň Başlygy Kahraman tarapyndan myhman alynmagyň özüni buýsandyrýandygyny aýtdy.

Saparyň 2009-njy ýyldan soň Türkiýä guran ikinjisi sapardygyny ýatladan Guelleh, saparyň uly wekiliýet bilen guralýandygyny aýtdy.

Saparyň dowamynda Türkiýe bilen gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny we Türkiýäniň eden ösüşleri bilen ýakyndan tanyşmağa pursatlarynyň boljakdygyny beýan eden Guelleh: “Gatnaşyklarymyzyň ösdürilmegi we soňky saparymyzdan bäri özara gatnaşyklaryň ýeten sepigidi barada pikir aşyşarys. Türkiýäniň ösmegi we güýçlenmegi iňňän möhüm. Türkiýäniň önden görüji liderliği ummat üçin diýseň möhüm” diýdi.

Duşuşyk soň bolsa metbugata ýapyk dowam etdi.

Beýleki tarapdan Guelleh duşuşykdan soň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda Fetullahçy terror guramasy tarapyndan agdarlyşyk synanşygynda Mejlisiň bombalanan bölümlerine baryp gördi.

Guelleh we Kahraman Mejlisiň Baş Assambleýasyna gelip, işler bilen hem tanyş boldular.



Degişli Habarlar