Lawrow bilen Zarif telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Eýranly kärdeşi Jawad Zarif bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

870891
Lawrow bilen Zarif telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Iki kärdeşiň telefon söhbetdeşliginde Eýranyň ýadro maksatnamasy bilen Ýakyn Gündogardaky soňky wakalar hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Russiýanyň Daşary işler ministri Lawrow ýaňy ýakynda beren beýanatynda Pars aýlag ýurtlarynyň arasyndaky dartgynlygyň gün saýyn artýandygyny nygtap Eýran bilen baglaşylan ýadro şertnamasynyň başda durmagynda köp taraply birnäçe hyzmatdaşlyk şertnamasyna soňky döwürde uly howpyň abandygyna ünsi çekipdi.

 



Degişli Habarlar