Mahmud Abbas Hamasyň ozalky lideri Meşal bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas Hamasyň ozalky lideri Halid Meşal bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

863910
Mahmud Abbas Hamasyň ozalky lideri  Meşal bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

 

Palestinanyň Prezidenti Abbas bilen Hamasyň ozalky lideri Meşal telefon söhbetdeşliginde Iýerusalim we Palestina meselesi hakynda pikir alyşdy.

Abbas bilen Meşal milli jebisligiň güýçlendirilmeginiň we içerki bölünşigiň gysga wagtda ortan aýrylmagynyň, Iýerusalim we Palestina meselesinde birlikde hereket edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp öňňin agşam beren beýanatynda BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 1980-njy ýyldaky kararyna garamazdan “Iýerusalimi resmi taýdan Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etmegiň wagty geldi” diýipdi.

Tramp mundan başgada Döwlet sekretarlygyna ýurdunyň Tel Awiwdäki ilçihanasynyň Iýerusalime göçürilmegi üçin taýarlyklaryň başlamagy görkezmesini berendigini aýdypdy.



Degişli Habarlar