Abbas Ierusalym meselesinde Tramp we Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Abbas Trampyň kararynyň sebitara we halkara howpsyzlyga we durnuklylyga wehim salýandygy hakynda duýduruş berdi

862225
Abbas Ierusalym meselesinde Tramp we Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

 

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas Ierusalym hakynda öňe sürülýän garaýyşlar barada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Palestinanyň resmi WAFA habarlar gullugynyň telefon söhbetdeşligi hakyndaky habaryna görä, Tramp Palestinanyň Prezidenti Abbas bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde ABŞ-nyň Tel Awiwdäki ilçihanasyny Ierusalyma göçürmek barada pikir edýändigini aýtdy.

Beýanatda Abbasyň Trampyň kararynyň parahatçylyk etabyny bökdejekdigi, sebitara we halkara howpsyzlyga we durnuklylyga wehim salýandygy hakynda duýduruş berendigi ýatladyldy.

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas rus lideri Putin bilen hem ABŞ-nyň Ierusalymy Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etmek meýilnamasy hakynda pikir alyşdy.

Kremlden berlen ýazmaça beýanatda Putiniň Abbas bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Ýakyn Gündogardaky meseleler we Ierusalymyň statusy hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Putiniň telefon söhbetdeşliginde “Russiýa Ierusalymyň statusy bilen birlikde ähli jedelleşikli meseleler üçin Palestina bilen Ysraýylyň arasynda göniden gepleşikleriň başlamagyna goldaw berýär” diýendigi ýatladyldy.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ozal berlen beýanatda “Russiýa Günbatar Ierusalymy Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edýär we Gündogar Ierusalymyň bolsa geljekde Palestina döwletinin paýtagty bolmalydygyna ynanýar” diýlipdi.

 

 



Degişli Habarlar