Russiýa Siriýadan çekilmäge taýarlanýar

Russiýanyň Howpsyzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew rus hökümetiniň Siriýadaky harby bölümlerini yzyna çekmäge taýarlanýandygyny habar berdi

858663
Russiýa Siriýadan çekilmäge taýarlanýar

Nikolaý Patruşew: “Siriýadaky rus harby bölümleriň azaldylmagy üçin işe girişildi. Taýarlyklar tamamlanan mahaly esgerleriň sany azaldylar” diýdi.  

Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy Waleriý Gersimow hem geçen hepde beren beýanatynda Russiýanyň Siriýadaky harby güýjüni azaldyp biljekdigini habar beripdi.



Degişli Habarlar