Pentagon PKK-nyň Siriýadaky bölümi ÝPG-ä berilen uly harby ulaglary we agyr ýaraglary yzyna almakçy

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon Siriýada ekstremist terror guramasy PKK-nyň bölümi bolan ÝPG-niň ýolbaşçylygyndaky Demokratik Siriýa Güýçlerine berilen uly harby ulaglaryň we agyr ýaraglaryň yzyna alynjakdygyny beýan etdi

857159
Pentagon PKK-nyň Siriýadaky bölümi ÝPG-ä berilen uly harby ulaglary we agyr ýaraglary yzyna almakçy

Pentagon öňňin geçirilen metbugat ýygnagynda käbir žurnalistleriň polkownik Rob Manninge beren soraglaryna ýazmaça jogap berdi.

Pentagon, žurnalistlerden biriniň: “berilen ýaraglar yzyna alynarmy?” diýen soragyna: “Niýetimiz özbolyşly howplar ortadan aýrylandan soň uly harby ulaglary we agyr ýa-da personal tarapyndan ulanylýan ýaraglaryň ýygnalmagy” diýip, jogap berdi.

Beýannamada Amerikan esgerleriniň hem ýaraglaryň ulanylşy bilen gyzyklanýandygy we ABŞ tarapyndan goldanýan güýçleriň Amerikan goldawynyň şerti bolan Ženewan konwensiýasynyň we Ýaragly çaknyşyk kanunlarynyň düzgünlerini berjaý etmegi kabul edendigi öňe sürülýär.

Pentagon, “Siriýanyň Demokratik Güýçlerine Ministriň aýdyşy ýaly ýaraglary Ženewa gepleşiklerini goldamak üçin berýäňizmi?” diýlen soraga bolsa, DAİŞ-e garşy göreşiň dowam edýändigini we guramanyň doly ýok edilmegi üçin görülmeli çäreleriň bardygyny nygtap, ABŞ-nyň Siriýanyň Demokratik Güýçlerine goldawynyň dowam etjekdigini beýan etmek bilen jogap berdi.

Beýannamada detallary beýan edilmedik goldawyň seljerilýändigi ýatladyldy.



Degişli Habarlar