Müsürde howpsyzlyk güýçleri bilen ýaragly adamlaryň arasynda bolan çaknyşykda 11 adam ýogaldy

Çaknyşykda howpsyzlyk güýçlerinden öleniň ýada ýaralananyň bolup bolmandygy hakynda maglumat berilmedi

857210
Müsürde  howpsyzlyk güýçleri bilen ýaragly adamlaryň arasynda bolan çaknyşykda 11 adam ýogaldy

Müsüriň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Ismailiýýe welaýatynda howpsyzlyk güýçleri bilen ýaragly adamlaryň arasynda bolan çaknyşykda 11 adam ýogaldy, 9 adam saklandy.

Müsüriň Içeri işler ministrliginden berlen beýanatda howpsyzlyk güýçleriniň Ismailiýe welaýatynyň Jilbane etrabynda ýaragly adamlaryň tälim merkezi hökmünde ulanýan ýerine operasiýa gurandygy nygtaldy.

Beýanatda operasiýada bolan çaknyşykda 11 adamyň öldürlendigi, 9 adamyň göz tussaglygyna alynandygy nygtaldy.

Beýanatda çaknyşykda howpsyzlyk güýçlerinden öleniň ýada ýaralananyň bolup bolmandygy hakynda maglumat berilmedi.

Müsüriň ýaragly güýçleri düýn Demirgazyk Sina welaýatynda guran operasiýasynda ýaragly 3 adamyň öldürlendigini we 5 adamyň saklanandygyny habar beripdi.



Degişli Habarlar