Günorta Sudanda bolan çaknyşykda 40 adam ýogaldy

Hadysada şeýle hem 19 adam ýaralandy

857249
Günorta Sudanda bolan çaknyşykda 40 adam ýogaldy

Günorta Sudanyň Žonglei welaýatynda ýaragly mal ogrylarynyň maldarçylyk bilen meşgullanýan taýpa garşy guran hüjüminde 40 adam ýogaldy, 19 adam ýaralandy, köp sanda çaga we zenan zamun alyndy.

Žonglei welaýatynyň Aragatnaşyk ministri Žakob Akeç Dengdit goňşy Boma welaýatynda bir ýaragly toparyň Duk Padiýet welaýatyndaky taýpadan mallaryny alyp gaçan mahaly 40 adamy öldürendigini, 19 adamy ýaralandygyny, ençeme çagany we zenany ýany bilen alyp gidendigini habar berdi.

Ýaragly toparyň 1 müňden gowrak sygyrdyr-öküzi ogurlandygyny aýdan Dengit: “Hökümetiň taýpa-tireleriň arasynda parahatçylygy ýola goýmak üçin edýän tagallasyna garamazdan, Boma welaýatyndan gelen galtamanlar eden-etdiliklerini dowam etdirýärler” diýdi.

Žonglei we Boma welaýatlarynda ýaşaýan taýpalaryň arasyndaky dartgynlyk maý aýyndan bäri has hem çuňlaşdy.

Ýurdyň Prezidenti Salwa Kiir taýpa-tireleriň arasyndaky çaknyşyklary gözegçilik astyna almak maksady bilen şu ýylyň iýul aýynda ýurdyň käbir ýerlerinde adatdan daşary ýagdaý yglan etdi we toparlary ýaragsyzlandyrmaga çalyşdy. Emma ýurdyň Prezidentiniň yglan eden adatdan daşary ýagdaýy şol wakalaryň öňüni almaga ýetmedi.

Hökümetiň edýän tagallalaryna garamazdan şu ýylyň başyndan bäri taýpa-tireleriň arasynda bolan çaknaşyklarda ýogalan adamlaryň sany 500-den geçdi.



Degişli Habarlar