Yragyň günortasynda suw ýetmezçiligi başdan geçirilýär

Yragyň günortasynda soňky ýyllaryň iň agyr suw ýetmezçiligi çekilýändigi mälim edilip, ýagdaýyň agyz suwyna we ekarançylyk ýerlerine uly mukdarda zeper ýetirjekdigi çak edilýär

856118
Yragyň günortasynda suw ýetmezçiligi başdan geçirilýär

Yragyň günortasyndaky Zikar we Meýsan şäherleri suw ýetmezçiligi iň köp çekýän şäherlerdendir.

Tigr we Ýewfrat derýalarynyň suwlarynyň derejeleriniň iň pes ýerlerinde ýerleşýän ady agzalan Yrak şäherleri şol suwdan hem ýeterlik derejede peýdalanyp bilenok.

Nasyriýýe welaýatynyň mejlisiniň agzasy Aşwak Talip: “Tigr we Ýewfrat derýalarynyň suwlarynyň derejesiniň pes bolmagy ähli ýurda, esasan hem ýurdyň günorta sebtlerindäki ekarançylyk ýerlerine uly zyýan ýetirýär. Emma Nasyriýýe şäheri başda durmagynda agyz suwy ýetmezçiligi çekýän esasy ýerlerdendir” diýdi.

Talip şäherdäki köp daýhanyň suw sebäpli ekarançylygy taşlandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar