Russiýa Pars aýlagynda dartgynlygyň artýandygy belledi

Lawrow Ýakyn Gündogardaky terror toparlaryň soňky wagtlarda möhüm zarbalar alandygyny belledi

857000
Russiýa Pars aýlagynda dartgynlygyň artýandygy belledi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Pars aýlagy ýurtlaryň arasynda artýan dartgynlygyň aladalandyryjydygyny belläp: “Dartgynlyk diňe Eýran tarapynda däl, dartgynlyk Arap monarhiýasynyň arasynda hem artdy” diýdi.

Sergeý Lawrow paýtagt Moskwada geçirilen Russiýa Halkara gatnaşyklar geňeşinde eden çykyşynda: “Ýakyn Gündogardaky turbulentlik dowam edýär” diýdi.

Lawrow Ýakyn Gündogardaky terror toparlaryň soňky wagtlarda möhüm zarbalar alandygyny belledi.

Ministr Lawrow Liwiýa, Yrak we Ýemen ýaly ýurtlarda başdan geçirilýän krizisleriň dowam edýändigini ýatladyp: “Pars aýlagy ýurtlaryň arasynda artan dartgynlyga alada bildirýäris. Dartgynlyk diňe Eýran tarapynda däl, dartgynlyk Arap monarhiýasynyň arasynda hem artdy” diýdi.



Degişli Habarlar