Müsürde metjide guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany örän artdy

Müsüriň Sinaý ýarymadasyndaky metjitleriň birine juma namazynda guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany 200-e ýetdi

854528
Müsürde metjide guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany örän artdy

Ariş şäheriniň günbataryndaky Bir Al Abadda ýerleşýän Al Rawdah metjidine juma namazynda hüjüm guraldy.

Şaýatlaryň beýan etmegine görä partlamadan soň 4 ulag bilen terrorçylar metjitden çykmaga synanyşan jemagata bomba zyňdy, soň bolsa od açdy.

Metjide guralan hüjümden soň şol ýere barmaga synanyşan tiz kömek ulaglaryna hem terrorçylar tarapyndan od açyldy.

200 adamyň ýogalan hüjümde, ýaralanan adamlaryň sanynyň 80-den gowrakdygy habar berildi.

Hüjüm guralan mahaly metjitde köp sanda esgeriň bolandygy mälim edildi.

Hüjüm sebäpli Müsürde 3 günlik milli ýas yglan edildi.

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Twitter hasabyndan hüjümi berk ýazgarýandygyny belledi.



Degişli Habarlar