Nigeriýada zenanlar we çagalar öldürildi

Ýer meselesi sebäpli Nigeriýanyň merkezindäki sebitde daýhanlar bilen çopanlaryň arasynda ýygy-ýygydan çaknyşyklar bolýar.

852927
Nigeriýada zenanlar we çagalar öldürildi

Nigeriýanyň gündogaryndaky Adamawa welaýatynda sygyr bakýan çopanlara garşy guralan hüjümde çagalardan we zenanlardan ybarat 30 adam ýogaldy.

Polisiýa gullugynyň metbugat geňeşçisi Osman Ebubekir hüjümiň sebitde ýaşaýan Baçama daýhanlary tarapyndan guralandygy baradaky öňe sürmelerden soň derňew işiniň başladylandygyny habar berdi.

Miýetti Allah Iri şahly mallar jemgyýeti tarapyndan berilen beýanatda hüjümiň sebitdäki daýhanlar tarapyndan guralandygy mälim edildi.

Ýer meselesi sebäpli Nigeriýanyň merkezindäki sebitde daýhanlar bilen çopanlaryň arasynda ýygy-ýygydan çaknyşyklar bolýar.



Degişli Habarlar