Putin Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Russiýanyň döwlet başlygy Wladimir Putin ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

852291
Putin Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Ak Tamdan berilen beýanata görä Putin bilen Trampyň geçiren telefon söhbetdeşliginde Siriýa, Eýran, Demirgazyk Koreýa, Owganystan we Ukraina meseleleri ele alyndy.

Kreml bolsa iki ýurdyň liderleriniň Siriýadaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşandyklaryny habar berdi.

Beýanatda: “Siriýadaky terrorçylary ýok etmek operasiýasynyň tamamlanyp barýandygy göz öňünde tutulanda, ýurtdaky gaýra goýulmasyz meseleler giňişleýin maslahatlaşyldy. Putin BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň 2254  belgeli karary, Astanada gazanylan ylalaşyklar we Wýetnamda 11-nji noýabrda berilen umumy beýanatlaryň esasynda Siriýada uzak möhletleýin syýasy çözgüde goldaw bermäge taýardygyny belledi” diýildi.

Putin mundan başgada Trampa Siriýanyň döwlet başlygy Başar Asad bilen geçiren duşuşygy barada maglumat berdi.

Takmynan 1 sagat dowam eden telefon söhbetdeşliginiň Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň liderleriniň gatnaşmagynda şu gün geçiriljek Siriýa temaly üçtaraplaýyn maslahatdan ozal geçirilmegi ünsleri özüne çekdi.



Degişli Habarlar