Abadi: “Terror guramasy DAIŞ ýurtda harby taýdan ýok edildi”

Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi terror guramasy DAIŞ-iň ýurtda harby taýdan ýok edilendigini mälim etdi

852317
Abadi: “Terror guramasy DAIŞ ýurtda harby taýdan ýok edildi”

Premýer ministr Abadi ýurdyň paýtagty Bagdatdaky hökümet binasynda geçiren hepdelik metbugat ýygnagynda: “Yrakda DAIŞ-i harby taýdak ýok etdik we ele geçirilen ähli ýerlerimizi basyp aldyk” diýdi.

Abadi ýurdyň günbataryndaky Anbar welaýatynyň çöllüginde DAIŞ-iň ýerlerine garşy alynyp barylýan operasiýanyň hem gysga wagt soň dolulygyna tamamlanjakdygyny belledi.

Yragyň Premýer ministri Abadi ady agzalan çöllük ýeriniň DAIŞ-den dolulygyna saplananyndan soň, ýurtda ýeňiş we DAIŞ-den azat ediliş güni ýagny Milli gün hökmünde yglan etjekdiklerini nygtady.

Yrakda DAIŞ-e garşy gury ýerde söweşýän güýçleriň ählisiniň yraklylardan ybaratdygyny aýdan Abadi: “Yraklylaryň bu göreşi siriýalylaryň DAIŞ-i ýeňmeginde uly rol oýnady” diýdi.

Umumy saýlawlar bilen baglanşykly hem beýanat beren Abadi saýlawlaryň maý aýynda geçiriljekdigini, saýlawlaryň yza süýşürilmegini kabul etmejekdiklerini belledi.



Degişli Habarlar