Ruhani: “Terror guramasy DAİŞ meselesiniň sonuna gelindi”

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani terror guramasy DAİŞ meselesiniň soňuna gelinendigini beýan etdi

851709
Ruhani: “Terror guramasy DAİŞ meselesiniň sonuna gelindi”

Ruhani bu beýannamany döwlet teýaýlymyndan göni berdi.

Ruhani bu beýannamany terror guramasy DAİŞ-iň Siriýada we Yrakda yzly yzyna dowam eden ýeňilişlerinden soň berdi.

Eýranyň Ynkylap Goragçylarynyň İýerusalim güýçleriniň serkerdesi Kasym Süleýmani hem Ynkylap Goragçylarynyň “Sepah News” habarlar saýtynda DAİŞ-iň ýok edilendigini dini lider Aýatullah Hamaneýe ugradan ýüzlenmesi arkaly beýan etdi.

Gönüden Eýranyň dini lideri Hamaneýe tabyn bolan İýerusalim güýçleri Ynkylap Goragçylarynyň daşary ýurtlardaky operasiýalaryndan jogapkär ýörite topar.


Etiketkalar: #DAIŞ , #Eýran , #Hasan Ruhani

Degişli Habarlar