Tramp Hytaýyň Demirgazyk Koreýa wekil ibermegi bilen bagly beýanat berdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Hytaýyň Demirgazyk Koreýa wekil ibermegi bilen bagly: “Garaşyp göreliň” diýdi

849176
Tramp Hytaýyň Demirgazyk Koreýa wekil ibermegi bilen bagly beýanat berdi

Tramp Hytaýyň döwlet başlygy Si Szinpiniň ýörite wekilini Demirgazyk Koreýa ibermegi baglanşykly Twitter arkaly beýanat berdi.

Donald Tramp beýanatynda: “Hytaý Demirgazyk Koreýa täze bir ilçi we wekiliýet iberýär. Uly bir göçüm, garaşyp näme bolýandygyny göreris” diýdi.

Hytaýyň Şinhua habarlar agentligi Hytaýyň Komunist partiýasynyň Halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Song Taonyň anna güni Phenýana gitjekdigini mälim edipdi.

​Song 2015-nji ýyldan bäri Demirgazyk Koreýa ministr derejesinde sapar guran hytaýly ilkinji resmi bolar.



Degişli Habarlar