Eýran aýyplamalary kabul etmedi

Eýran  Ýemenden Saud Arabystanyna atylan roketanyň arkasynda Eýranyň bardygy hakyndaky aýyplamalara berk garşylyk görkezdi

Eýran aýyplamalary kabul etmedi

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Kasymy şenbe güni Ýemenden Riýada atylan balistiki roketanyň arkasynda Eýranyň bardygy hakyndaky aýyplamalary “asylsyz, jogapkärçiliksiz we meçew beriji hökmünde häsiýetlendirdi.

Saud Arabystany, Ýemenden Halkara Şa Halid howa menziline guralan balistiki roketa hüjümini “uruş yglan etmek” hökmünde häsiýetlendirdi we wakadan Eýranyň jogapkärdigini öňe sürdi.

Saud Arabystanly ýolbaşçylar Ýemende iş alyp barýan Husileriň Eýranyň goldawy bolmazdan beýle hüjüm gurap bilmejekdigini öňe sürýär.



Degişli Habarlar