Owganystanda Talibana agza terrorçylar howpsyzlyk güýçlerine boýun egdiler

Owganystanyň gündogaryndaky Kunar welaýatynda Talibana agza 60 terrorçy ýaraglary bilen bilelikde howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi

839409
Owganystanda Talibana agza terrorçylar howpsyzlyk güýçlerine boýun egdiler

Kunar welaýatynyň häkimi Wahidullah Klimzeý boýun egen terrorçylaryň ozal welaýatyň Sukai we Has etraplarynda terrorçylykly hüjümler gurandygyny mälim etdi.

Terrorçylaryň öz isleglerine laýyklykda ýaraglar bilen bile boýun egendigini aýdan häkim Klimzeý olaryň arasynda guramanyň sebitdäki ýolbaşçylarynyň hem bardygyny belledi.

Klimzeý terrorçylaryň Parahatçylyk programmasyna gatnaşmagynyň sebitdiň howpsyzlygy üçin möhümdigini aýdyp, beýleki terrorçylary hem bu programa gatnaşmagyna çagyrdy.

Owganystanyň hökümeti programmanyň çäginde ýaraglaryny taşlan terrorçylara maddy taýdan goldaw berýär we iş bilen üpjün edýär.



Degişli Habarlar