Hamaneý Putini ABŞ-na garşy hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy

Eýranyň dini Lideri Aýatulla Ali Hamaneý Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine ABŞ-na garşy hyzmatdaşlyk teklip etdi

839758
Hamaneý Putini ABŞ-na garşy hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy

Hamaneý düýn paýtagt Tähranda Putin bilen geçiren duşuşygyndan bir gün soň teleýaýlymlar arkaly halka ýüzlenip çykyş etdi.

ABŞ-nyň Eýranyň halkynyň birinji duşmanydygyny aýdan Eýranyň dini Lideri Hamaneý, ýurdunyň resmi Waşingtonyň ýadro ylalaşygy baradaky basyşyna boýun egmejekdigini aýtdy.

Russiýanyň Prezidenti Putine çagyryş eden Hamaneý; “Biziň hyzmatdaşlygymyz ABŞ-ny ýalňyz goýu biler” diýdi.

Hamaneý iki ýurduň ABŞ-ny çäklendirmek we Ýakyn Gündogarda durnuklylygy üpjün etmek üçin hyzmatdaşlyk etmelidigini öňe sürdi.



Degişli Habarlar