ABŞ Usama Ben Laden bilen baglanşykly resminamalary paýlaşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Merkezi Razwedka gullugy (CIA) terror guramasy Al Kaýdanyň ozalky lideri Usama Ben Laden bilen baglanşykly 470 müň resminamany paýlaşdy

839346
ABŞ Usama Ben Laden bilen baglanşykly resminamalary paýlaşdy

Resminamalaryň arasynda Usama Ben Ladene degişli gündelik we 180 müň resminama bilen birlikde terror guramasy Al Kaýda tarapyndan dürli-dürli maksatlar bilen alynan ses ýzagylary we suratlardan ybarat 79 müň delo bar.

Mundan başgada Usama Ben Ladeniň ogly we mirasdary diýip çak edilýän Hamza Ben Ladene degişli wideolar, Ben Ladeniň çykyşlary we Al Kaýdanyň propogandasy bolan 10 müň sany ýazgy bar.

Usama Ben Ladeniň Pakistanyň Abottabad etrabyndaky öýünde ele salynan resminamalaryň bir bölegi 2015, 2016 we 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda Milli Razwedka müdürligi tarapyndan paýlaşylypdy.  

Usama Ben Laden Amerikanyň Ýöriteleşdirilen harby güýçleriniň Abottabatdaky öýüne garşy geçiren operasiýada öli ýagdaýda ele salynypdy.



Degişli Habarlar