Tramp 8 adamy öldüren jenaýatçyny Guantanamo lagerine ugradyp biljekdigini aýtdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Nýu-Ýorkda ýük ulagyny welisoped ýolunda adamlaryň üstüne sürüp, 8 adamy öldüren jenaýatçyny ýurdunyň Guantanamo aýlagyndaky ýesir lagerine ugradyp biljekdigini aýtdy

839010
Tramp 8 adamy öldüren jenaýatçyny Guantanamo lagerine ugradyp biljekdigini aýtdy

Tramp Ak Tamda Nýu-Ýorkda guralan hüjüm barada žurnalistlere beýannama berdi.

Ady Saýfullo Saipow bolan jenaýatçynyň ABŞ-da hemişelik ýaşaýuş rugsadyny berýän “Green Jard” bilen 2010-njy ýylda ýurda gelendigine ünsi çeken Tramp; “Şu gün Köp ugurly migrant wiza üpjünçiliginiň bes edilmegi bilen bagly başlangyçlary başladýaryn. Kongresden şol maksatnamadan halas bolmagymyz üçin degişli işleri başlatmagyny soraryn” diýdi.

Tramp şol maksatnamanyň adynyň gulaga ýakymlydygyny, emma onuň  ABŞ üçin “ýakymly” däldigini nygtap: “Biz ukyba esaslanýan maksatnamanyň iş ýüzüne geçirilmegini isleýäris. Bu ýurda adamlar ukybyna görä gelmeli. “Migrantlar halkasy” maksatnamasyndan halas bolmak isleýäris. Häzirki wagtda Kongresde şol “Migrantlar halkasy” maksatnamasynyň bes edilmegi üçin käbir taslamalar bar. İndi ondan dolulygyna halas bolmak isleýäris” diýdi.

Şol bukjada köp sanly gowy kanunyň bardygyny aýdan Tramp, taslamalar bukjasynyň Demokratlar tarapyndan saklanmagyna nägilelik bildirdi.

Saipow bilen birlikde şol migrantlar halkasyna degişli 23 adamyň ABŞ-na gelendigini beýan eden Donald Tramp, olar barada-da derňew işiniň geçirilip biljekdigini aýtdy.

Jenaýatçyny “haýwan” hökmünde häsýetlendiren Donald Tramp, derňew işiniň ähli taraplary bilen giňişleýin geçirilmegi üçin federal ýolbaşçylaryň utgaşykly işleýändigini nygtady.

Tramp 2010-njy ýylda Özbegistandan ABŞ-na gelen we Nýu-Ýorkda 8 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan Saýfullo Saipowyň Guantanamo ýesirler lagerine ugradylmagyny islejekdigini hem aýtdy.

Donald Tramp: “Bu barada çynlakaý pikir edýärin. Ony Guantanamo ugradyň” diýdi.

 



Degişli Habarlar