189 adamlyk uçarda ýekeözi syýahat etdi

Uçaryň ähli ekipažy bilen tanyş bolan Griewe kitap ýazmak üçin Krit adasyna barýandygyny aýtdy

834956
189 adamlyk uçarda ýekeözi syýahat etdi

Iňlis Jet2 howa ýoly firmasy bilen Şotlandiýanyň Glasgow şäherinden Gresiýanyň Krit adasyna gitmek üçin 46 pound tölän Karon Griewe atly zenan, 189 adamlyk uçarda ýekeözi syýahat etdi.

BBC-niň berýän habaryna görä, bilet alan 2 ýolagçynyň gelmändigi sebäpli uçarda ýekeözi syýahat eden Griewe, ýolagçylygyny “täsin” hökmünde häsiýetlendirdi.

Griewe uçuşdan öň uçarmanyň ýanyna gelendigini we onyň bilen söhbetdeş bolandygyny nygtady.

Uçaryň ähli ekipažy bilen tanyş bolan Griewe kitap ýazmak üçin Krit adasyna barýandygyny aýtdy.

 



Degişli Habarlar