Ispaniýanyň Premýer ministri Kataloniýa bilen bagly möhüm beýanat berdi

Ispaniýanyň Premýer ministri Mariano Rahoý 1-nji oktýabrda garaşsyzlyk referendumyny geçiren Kataloniýanyň lideri Karles Puigdmont bilen gepleşikleriň geçirilmezligini isledi

834191
Ispaniýanyň Premýer ministri Kataloniýa bilen bagly möhüm beýanat berdi

Ispaniýanyň parlamendinde çykyş eden Mariano Rahoý: “Karles Puigdmontyň meniň bilen gürleşmek islän ýeke täk meselesi Kataloniýanyň garaşsyzlygynyň şertleri we senenamasydy. Ispaniýanyň Premýer ministri hökmünde Kataloniýanyň Garaşsyzlyk sttatusynyň üstüne hiç zat aýtmaryn. Karles Puigdmont Ispaniýanyň beýleki özbaşdak sebitlerinde bolşy ýaly özbaşdak maliýe barada hem gürrüň etmek islemedi. Senata gelip halkyň öňünde tekliplerini nähili orta atar hany göreliň” diýdi.

Hukugyň üstünliginiň bir gyra süýşürilen şertlerinde dialog geçirmejekdigini aýdan Rahoý Puigdmonta tekliplerini Senata hödürlemek üçin çagyryş beripdi.

Ispaniýanyň Senaty anna güni Katalon lideri Karles Puigdmontyň häkimiýetini elinden almak üçin ses berilşik geçirer.

Resmi Madrid Kataloniýanyň hökümetiniň wezipesini bes etdirjekdigini, Kataloniýanyň Parlamendiniň agalygynyň çäklendiriljekdigini we 6 aýyň içinde sebitde irki saýlawlaryň geçiriljekdigini mälim etdi.



Degişli Habarlar