“Türkiýe global jomart ýurt bolmagynda galýar”

BMG-niň Bosgunlar Baradaky Ýokary Komissary Filippo Grandi Türkiýäniň Arakan musulmanlaryna ynsanperwer kömegini berýän ýeke-täk ýurtdygyny aýtdy

832840
“Türkiýe global jomart ýurt bolmagynda galýar”

Grandi: Türkiýe ynsanperwer kömeklerinde global derejede jomart donor ýurt bolmagynda galýar” diýdi.

Filippo Grandi ÝB bilen Kuweýdiň öňbaşçylyk etmeginde we Halkara Migrasiýa gullugy, BMG-niň Bosgunlar Baradaky Ýokary Komissarlygy bilen BMG-niň Ynsanperwer işleri boýunça utgaşdyryjy ofisiniň bilelikde guran “Arakanly bosgunlar üçin Halkara kömek maslahaty” barada “Anadoly” habarlar gullugyna beýannama berdi.

Mýanmanyň Arakan ştatynda harby goşunyň we fanatik budistleriň hüjümlerinden gaçyp Bangladeşe baran arakanly musulmanlaryň esasy ynsanperwer islegleriniň kanagatlandyrylmagy üçin gerek bolan 434 millik dollarlyk gyssagly serişdäniň 335 million dollarynyň ýygnalandygyny ýatladan Grandi: “Maslahatyň netijesinden diýseň hoşal. Ozal talap edilen 434 million dollarlyk serişdäniň ¾ bölegi şu maslahat arkaly ýygnaldy” diýdi.

25-nji awgustdan bäri Mýanmadaky çaknyşyklardan gaçyp Bangladeşe baran arakanly musulmanlaryň sanynyň 600 müňden geçendigini ýatladan Grandi: “Bu uzak ýyllardan bäri görülmedik iň gysga wagtda ýüze çykan ägirt uly dartgynlyk” diýdi.

Grandi Türkiýäniň BMG-niň Ženewadaky hemişelik wekili Ali Naji Korunyň maslahatda aýdan: “Düzülen taslamalar we ýetirilen kömekler bilen Türkiýe tarapyndan arakanly musulmanlara berilen ynsanperwer kömeginiň mukdary jemi 50 million dollardan geçer” diýen sözlerine ünsi çekip, Türkiýe barada öwgüli sözler aýtdy.

Grandi: “Şuny nygtasym gelýär. Türkiýe ynsanperwer kömeklerinde global derejede jomart donor ýurt bolmagynda galýar. Şonuň bilen birlikde BMG-niň Bosgunlar Baradaky Ýokary Komissarlygynyň hem dünýäde bosgunlary kabul eden esasy guramadygyny nygtasym gelýär” diýdi.


Etiketkalar: #Mýanma , #Arakan , #Türkiýe , #bosgun , #ÝB , #BMG

Degişli Habarlar