Şoýgu: “Siriýada terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş tamamlanyp barýar”

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu Siriýada terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşiň tamamlanyp barýandygyny belledi

833378
Şoýgu: “Siriýada terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş tamamlanyp barýar”

Şoýgu Filippinlerde geçirilen Günorta-gündogar Aziýa ýurtlary ASEAN-yň maslahatynda ýurdunyň Siriýada DAIŞ-e garşy göreş boýunça soňky 2 ýylda eden işleriniň hasabatyny beýan etdi.  

Sergeý Şoýgu Siriýada DAIŞ-iň köküniň ýok edilip gelinýändigini belläp: “Ýurdyň territoriýasynyň 5 göterim,ik bölegini özegçilik astynda saklaýarlar. Şol ýerleriň hem basylyp alynmagy ýyllap däl, birnäçe aýda, belkem birnäçe günde tamamlanar. Russiýanyň howz güýçleriniňgoldawy bilen Siriýanyň ýaragly güýçleri 503 223 inedördül kilometrlik ýeri terror guramasy DAIŞ-den saplady. Obadyr-şäherleriň 998-si hökümediň gözegçiligine geçdi. Russiýanyň 2 ýylda guran howa operasiýalarynda terrorçylaryň 948 bazasy, 66 ýarag we partlaýjy madda öndürýän ammar ýok edildi” diýdi.

Rusya’nın iki yılda gerçekleştirdiği hava operasyonlarında 948 terörist kampı, 666 silah ve patlayıcı üretilen atölye imha edildi." dedi.

Russiýanyň meseläni öz gözegçiligi astyna geçirmeginden soň 1 million 120 müň siriýalynyň öýlerine gaýdyp gelendigini, şu ýyl yzyna gaýdyp gelen siriýalynyň sanynyň 660 müňdigini aýdan Sergeý Şoýgu: “Esasy zat bolsa başda DAIŞ bolmak bilen Siriýadaky terror guramalarynyň energetika çeşmelerinden alýan girdejileriniň öňüniň alynmagy. Harby operasiýadan ozal nebitiň bikanun satuwlaryndan ýylda 3 milliard dollar we ondan hem köp girdeji alýan terror guramalarynyň jübüleri indi bolsa boşaldy. Girdeji çeşmeleriniň kesilmegi terrora garşy ýeňişiň golaýlap gelýändiginiň görkezijisi” diýip belledi.



Degişli Habarlar