Peşmergeler bilen Yragyň ýaragly güýçleriniň arasynda çaknyşyk boldy

Çaknyşyk hakynda Yragyň ýaragly güýçlerinden hiç hili maglumat berilmedi

833399
Peşmergeler bilen Yragyň ýaragly güýçleriniň arasynda çaknyşyk boldy

Yragyň Mosul şäheriniň Mahmur etrabynda peşmergeler bilen Yragyň ýaragly güýçleriniň arasynda bolan çaknyşykda ýogalanlaryň we ýaralananlaryň bardygy öňe sürüldi.

Mahmur etrabyndaky Peşmerge güýçleriniň serkerdelerinden Zirýan Şyh Wesani Eýrandan goldaw alýan Haşdi Şabi we oňa goldaw berýän Yragyň ýaragly güýçleriniň Mahmur etrabynda peşmerge güýçleri bilen çaknyşandygyny aýtdy.

Çaknyşykda 1 peşmergäniň ýogalandygyny aýdan Wesani, Yragyň ýaragly güýçlerinden hem ýogalan we ýaralanan esgerleriň bardygyny emma ellerinde anyk maglumatyň ýokdygyny belledi.

Wesani çaknyşykda Yragyň ýaragly güýçlerinden 4 harby ulagyň ýakylandygyna ünsi çekdi.

Çaknyşyk hakynda Yragyň ýaragly güýçlerinden hiç hili maglumat berilmedi.

 


Etiketkalar: #peşmerge , #Yrak , #Mosul , #çaknyşyk

Degişli Habarlar