Hamas Eýran bilen gatnaşyklaryny dowam etdirmek isleýär

Salih Al Aruri Tährana guran sapary hakynda ýazmaça beýanat berdi

832343
Hamas Eýran bilen gatnaşyklaryny dowam etdirmek isleýär

Hamasyň syýasy işlerden jogapkär başlygynyň orunbasary Salih Al Aruri Eýran bilen gatnaşyklaryny dowam etdirmek isleýändiklerini nygtady.

Salih Al Aruri Tährana guran sapary hakynda ýazmaça beýanat berdi.

Beýanatda saparyň Ysraýylyň, Palestinadaky milli ylalaşygy kabul etmek üçin Eýran bilen edýän gatnaşyklarynyň kesilmegi şertini kabul etmeýändiklerini açyk aýdyň görkezýändigi nygtaldy.

Aruri Ysraýyla garşy Palestinanyň halkyna goldaw berýän ähli ýurtlar bilen edýän gatnaşyklarynyň güýçlendirilmegini maksat edinýändiklerini belledi.

Hamas bilen Fetih Müsürüň paýtagty Kairde 12-nji oktýabrda geçirlen gepleşiklerde Palestinada milli ylalaşygyň üpjün edilmegi üçin şertnama baglaşypdy.

Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu bolsa Palestinadaky milli ylalaşygyň kabul edilmegi üçin Ysraýylyň ykrar edilmegi, Hamasyň ýaralansyzlanmagy we Eýran bilen edilýän gatnaşyklaryň kesilmegi şertini öňe sürýär.

 



Degişli Habarlar