Taliban Owganystanyň Gardez şäherinde hüjüm gurady

Hadysada ilkinji kesgitlemelere görä 12 adam ýogaldy

828645
Taliban Owganystanyň Gardez şäherinde hüjüm gurady

Owganystanyň Gardez şäherinde polisiýa merkezine guralan hüjümde 12 adam ýogaldy, 60 adam ýaralandy.

Ýaragly terrorçylar bomba ýüklenen ulag bilen polisiýanyň tälim merkezine hüjüm guradylar.

Hüjümiň jogäpkärçiligini terror guramasy Taliban öz üstüne aldy.

Ýogalanlaryň arasynda asuda ilatyň hem bardygy mälim edildi.

Owganystanyň Içeri işler ministrligi azyndan 2 hüjümçiniň öldürilendigini habar berdi.

Beýleki tarapdan bolsa Owganystanyň demirgazygyndaky Jüzjan welaýatynda terror guramasy DAIŞ bilen terror guramasy Talibanyň arasynda çaknyşyk başlady.



Degişli Habarlar