Daniýa terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçyny azat etdi

Daniýa Reina hüjümçisiniň kömekçisini Türkiýä bermedi

824978
Daniýa terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçyny azat etdi

Daniýanyň adalaty Stambulda gijeki klublaryň birinde täze ýyl gijesi 39 adamy öldüren terror guramasy DAIŞ-e agza hüjümçä ýarag tapyp bermek bilen aýyplanýan Ibrahimjon Asparowy azat etdi.

Daniýanyň prokuraturasy Türkiýäniň Asparowy bermek baradaky talabyna otrisatel jogap berdi.

Asly özbek bolan 42 ýaşly Asparowyň Daniýada hiç hili etmiş etmändigi bellendi.

Türkiýäniň talabyna laýyklykda 2 gezek Daniýada göz tussaglygyna alynan Asparow 20-nji iýuldan bäri tussaglykda saklanýardy.

Asparow hüjümi guran DAIŞ-e agza terrorçy Abdulkadir Maşaripowa ýarag we ok-däri tapyp bermek bilen aýyplanýardy.

Stambul şäheriniň Ortaköý etrabyndaky Reina atly gijeki klubda täze ýyl gijesi terrorçy Abdulkadir Maşaripow tarapyndan guralan ýaragly hüjümde 39 adam ýogalypdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy, Maşaripow bolsa 17-nji ýanwarda geçirilen operasiýada Stambulyň Esenýurt etrabynda tussag edilipdi.



Degişli Habarlar