Las Wegas hüjümçisiniň halaşýan zenany Filippinlerden ABŞ-a getirildi

Amerikanyň Las-Wegas şäherinde ýekşenbe güni guran hüjüminde 59 adamy öldüren hüjümçi Stiwen Paddokyň halaşýan zenany Marilou Danleýiň sorag-jogap geçirilmek üçin Filippinlerden ABŞ-a getirilendigi malim edildi

820370
Las Wegas hüjümçisiniň halaşýan zenany Filippinlerden ABŞ-a getirildi

Amerikaly resmiler hüjümiň guralan mahaly Fillipinlerde bolan Danleýiň Los Anjeles şäherine iberilendigini we ol ýerde Federal Derňew Býurosynyň (FBI) işgärleri tarapyndan garşylanandygyny habar berdiler.

Las Wegasynyň Şerifi Jozef Lombardo zenanyň hüjümçi Paddokyň aklyndan nämeler geçendigini gürrüň berip biljekdigini habar berdi.

Las Wegasyň polisiýa gullugy bolsa Paddokyň hüjümiň jikme-jikligini örän gowy edip meýilleşdirendigini, myhmanhananyň koridorynda we otagynda kameralary ýerleşdirendigini we 9-11 minut aralygynda oteliň 32-nji gatyndan konsert meýdançasyna od açandygyny mälim etdiler.

Polisiýa gullugy Paddokyň myhmanhanadaky otag bilen birlikde 3 tapawutly ýerde geçiren gözleg işlerinde hüjümçä degişli 47 ýaragy ele salandygyny belledi.

ABŞ-nyň Las Wegas şäherinde Stiwen Paddok geçen hepdäniň ýekşenbe güni konserte gelen adamlara od açyp 59 adamyň öldürdi, 525 adamyň bolsa ýaralady.

Federal Derňew Býurosynyň (FBI) hüjümçiniň hiç hili halkara terror guramasy bilen arabaglanşygynyň bolmandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar