Amerikanyň Las-Wegas şäherindäki aýdym-saz festiwalynda ýaragly hüjüm guraldy

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 20 adam ýogaldy

818206
Amerikanyň Las-Wegas şäherindäki aýdym-saz festiwalynda ýaragly hüjüm guraldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryň Las-Wegas şäherinde bolan aýdym-saz festiwalynda guralan ýaragly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 20 adam ýogaldy, 100-den gowrak adam ýaralandy.

Hassahananyň resmileri Las-Wegas şäherinde ýerleşýän Mandalaý Baý myhmanhananyň golaýyndaky konsert meýdanynda guralan hüjümde ýaralanan 12 adamyň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy mälim edildi.

Las-Wegasyň polis gullugy 1 hüjümçini täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Sosial mediadaky wideolarda ýarag sesleri eşdilýär we köp sanda adamyň wakanyň bolan ýerinde ylgap gaçmaga synanyşýandygyny görüp bolýar.

Howpsyzlyk çäreleri artdyrylan şäherde howa menzili wagtlaýyn ýapyldy.



Degişli Habarlar