Amerikanyň Kanzas ştatynda hüjüm guraldy

Wakada 3 adam ýogaldy, 2 adam ýaralandy

818488
Amerikanyň Kanzas ştatynda hüjüm guraldy

Amerikanyň Kanzas ştatynda täze basketbol möwsüminiň açylmagy mynasybetli Kanzas uniwersitetiniň golaýynda geçirilýän dabarada guralan hüjümde 3 adam ýogaldy, 2 adam ýaralandy.

Uniwersitediň metbugat geňeşçisi Erinn Barkomb-Peterson ýogalanlaryň arasynda uniwersitediň talyplarynyň bolmandygyny habar berdi.

Içeri işler müdüri Entony Briksius bolsa hüjümde takmynan 20 gezek od açylandygyny mälim etdi.

Polisiýa gullugy hassahanada bejergi astyna alynan adamlaryň saglyk ýagdaýlarynyň kadalydygyny belledi.

Içeri işler müdürliginiň golaýynda guralan hüjüm bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.



Degişli Habarlar