Yrak Kürt Awtonomiýasyna möhlet berdi

Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi serhediň gözegçiligi 3 günüň dowamynda resmi Bagdada berilmän halatynda Kürt Awtonomiýasynyň iki taraply ähli halkara uçuşlaryny saklajakdyklaryny beýan etdi

814808
Yrak Kürt Awtonomiýasyna möhlet berdi

Abadi geçiren metbugat ýygnagynda: “Referendumyň Yraga we Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň hökümetine ýaramaz täsirleri bolar. Ol bir taraply başlangyçdy, hyzmatdaşlyk düşünjesine we halkara ygtyýara üns berilmedi. Yragyň bitewiliginden we özygtyýarlylygyndan asla egilşik etmeris. Referendumyň netijesi boýunça gepleşik geçirmeris” diýdi.

Käbir kürt syýasatçylarynyň Yragyň raýatlarynyň arasynda ýigrenç duýgularyny ýaýbaňlandyrýandygyny nygtan Abadi: “Esasanda kürt raýatlarymyzyň başda durmagynda, ähli raýatlarymyzyň buýsanjyna äsgermezçilik edilmez” diýdi.

Merkezi hökümetiň ygtyýarynyň ýurduň ähli künjeginde berjaý ediljekdigini aýdan Abadi, federal býujetiň konstitutsiýa görä merkezi hökümete yzyna dolanmalydygyny nygtady.

Abadi şeýle-de ähli gury ýer we howa gümrük geçelgeleriniň merkezi hökümetiň garamagyna geçmegi barada karar kabul edendiklerini aýtdy.

Yragyň Premýer ministri şeýle diýdi: “Kürt Awtonomiýasynyň ýolbaşçylary ýerli, sebitara we halkara töwerekleriň referendumyň konstitutsiýa bap gelmeýändigi baradaky çağyryşlaryna gulak gabartmady. Kürt Awtonomiýasyndaky gümrük geçelgeleri Yragyň Serhet gözegçiligi edarasynyň gözegçiligine tabyn. Serhet gözegçiligi üç günüň dowamynda Bagdada berilmän halatynda Kürt Awtonomiýasynyň iki taraply ähli halkara uçuşlaryny ýaparys. Bu karary Ministrler kabinetiniň mejlisinde kabul etdik. Kürt Awtonomiýasynyň baýlyğy gözegçilikden daşda dolandyrylýar we girdejiler daşary ýurtlardaky şahsy hasaplara gidýär” diýdi.



Degişli Habarlar