Meksikada 7,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Tebigy heläkçilikde ilkinji kesgitlemelere görä 248 adam ýogaldy

810423
Meksikada 7,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Meksikada 7,1 bal ululygynda bolan ýer titremesinde ilkinji kesgitlemelere görä 248 adam ýogaldy.

Ýeriň 43 km aşagynda emele gelen ýer titremäniň güýç merkezi ýurdyň paýtagty Mehikonyň 123 km alysynda ýerleşýän Puebla şäheridigi mälim edildi.

8-nji sentýabrda ýurdyň günortasynda suw giňişliginde bolan ýer titremesinde hem 98 adam ýogalypdy.

Düýnki ýer titreme 1985-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Meksikada bolan 8,1 bal ululygyndaky ýer titremäniň 32-nji ýylynda boldy.

1985-nji ýyldaky ýer titremede 6 bilen 12 müň aralygynda adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar