Yrakda Türkmen milletçi hereketine garşy hüjüm guraldy

Hüjümde hüjümi guran topardan 1 adam öldi

809719
Yrakda Türkmen milletçi hereketine garşy hüjüm guraldy

Yragyň Kerkük şäherinde Türkmen milletçi hereketine garşy ýaragly hüjüm guraldy. Ýüze çykan çaknyşykda hüjümi guran hüjümçi öldürildi.

Ýaragly topar Türkmen milletçi hereketiniň binasyna hüjüm gurady.

Partiýa binasyndaky howpsyzlyk güýçleriniň garşylyk görkezmegi netijesinde ýüze çykan çaknyşykda şeýle hem 2 adam ýaralandy.

Şäheriň käbir ýerlerinde ýaragyň sesleri eşidildi.

Kerkük şäheriniň polisiýa gullugy dartgynlygy azaltmak üçin köçä çykmak gadagançylygyny goýdy.

Gadagançylygyň haçana çenli dowam etjekdigi barada maglumat berilmedi.

Eýran tarapyndan goldanýan şaýy Haşdi Şabi söweşijileriniň agyr ýaraglar bilen şäheriň günortasyna ýerleşdirilendigi mälim edildi.

Anadoly habarlar gullugynyň berýän habaryna görä Bagdatdan 70 ulag bilen gelen şaýy söweşijiler Dakuk we Tazehurmatu obalaryna ýerleşdi.

Haşdi Şabi söweşijileriniň terror guramasy DAIŞ-iň gözegçiligi astynda bolan Hawije operasiýasy üçin agyr ýaraglar bilen getirilendigi habar berildi.



Degişli Habarlar