Şerifiň aýaly Gülsüm Nawaz Şerif Milli mejlise girmäge hukuk gazandy

Pakistanyň Musulman bileleşigi-Nawazyň galasy hökmünde bilinýän Lahor şäherinde halk 220 saýlaw merkezinde ses berdi

808881
Şerifiň aýaly Gülsüm Nawaz Şerif Milli mejlise girmäge hukuk gazandy

Pakistanda 28-nji iýulda wezipesinden boşadylan ozalky Premýer ministr Nawaz Şerifden boşalan halk deputatlygy üçin Lahor şäherinde geçirlen araky saýlawda Şerifiň aýaly Gülsüm Nawaz Şerif saýlandy.

Pakistanyň Musulman bileleşigi-Nawazyň galasy hökmünde bilinýän Lahor şäherinde halk 220 saýlaw merkezinde ses berdi.

Araky saýlawda 44 dalaşgär bäsleşdi we Gülsüm Nawaz Şerif saýlawyň resmi bolmadyk netijelerine görä 59 müň ses alyp Milli mejlise girmäge hukuk gazandy.

Şerifiň iň güýçli bäsdeşi hökmünde görkezilýän Pakistanyň Adalat hereketi partiýasynyň dalaşgäri Dr Ýasmin Raşid bolsa 46 müň ses aldy.

 



Degişli Habarlar