Bagdatda guralan bombaly hüjümde 11 adam ýogaldy

Yragyň paýtagty Bagdatdaky bazarlaryň birinde guralan bombaly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 11 adam ýogaldy

797954
Bagdatda guralan bombaly hüjümde 11 adam ýogaldy

Howpsyzlyk çeşmelerden alynan maglumata görä Bagdadyň gündogaryndaky Jemile atly gök-önümler satylýan bazarda bomba ýüklenen ulag partlady.

Hüjümde şeýle hem 8 adamyň ýaralanandygy mälim edildi.

Bagdatda düýn bomba ýüklenen ulag bilen guralan iki aýry hüjümde bolsa 5 adam ýogalypdy.

Yragyň paýtagty Bagdatda bombaly hüjümler ýygy-ýygydan guralýar.


Etiketkalar: #Yrak , #Bagdat , #hüjüm , #bazar

Degişli Habarlar