“ABŞ Owganystanda asla ýeňlişe sezewar bolmaz”

NATO-nyň Owganystandaky harby toparlarynyň serkerdesi Jon Nikolson Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystanda asla ýeňlişe sezewar bolmajakdygyny belledi

796636
“ABŞ Owganystanda asla ýeňlişe sezewar bolmaz”

Paýtagt Kabulda geçiren metbugat ýygnagynda çykyş eden Nikolson NATO-nyň we ABŞ-nyň Owganystanda terrora garşy göreşde Owgan howpsyzlyk güýçleriniň ýanynda boljakdygyny nygtady.

ABŞ-nyň täze Owganystan strategiýasynyň owgan halkynyň geljegi taýdan örän wajypdygyny aýdan Nikolson täze strategiýanyň ýola goýulmagy bilen  Owgan howpsyzlyk güýjüne goldawyň artjakdygyny belledi.

Nikolson mundan başgada Owganystanda mundan beýläk terror guramalarynyň bolmajakdygyny nygtady.

Taliban guramasynada çagyryş beren Nikoloson: “Ýaraglaryňyzy taşlap, parahatçylyga geliň” diýdi.

Owganystanyň halkynyň parahatçylyk isleýändigini aýdan Nikoloson ýurtda parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin bilelikde işleşjekdiklerini habar berdi.

NATO-nyň Owganystanda ýerli harbylara tälim bermek, maslahat bermek we olara goldaw bermek üçin takmynan 13500 esgeri bar bolup, şolaryň 8400-i amerikan esgerlerden ybarat.


Etiketkalar: #NATO , #Kabul , #ABŞ , #Owganystan , #Taliban

Degişli Habarlar