Fransiýada bir sürüji ulagyny awtobus durlagasyndaky adamlaryň üstüne sürdi

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 1 adam ýogaldy

793773
Fransiýada bir sürüji ulagyny awtobus durlagasyndaky adamlaryň üstüne sürdi

Fransiýanyň Marsel şäherinde bir ulagyň awtobus duralgasyndaky adamlary süsmegi netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 1 adam ýogaldy, 1 adam ýaralandy.

Polis ulagyň sürüjisini göz tussaglygyna aldy.

Fransuz polisinden alynan maglumata görä ulagyň Marsel şäherindäki awtobus duralgasynda garaşýan adamlaryň üstüne sürdi.

Ulagyň sürüjisiniň wakanyň bolan ýerinde göz tussaglygyna alynandygy bellenen beýanatda: “Häzirki wagtda bu adamyň maksady barada anyk maglumatymyz ýok” diýildi.

Prokuratura wakanyň terrorçylykly hüjüm däldigini belledi.

35 ýaşly sürüjiniň ozal başgada birnäçe aýyplamadan bellige alynandygy we psihologik problemalarynyň bardygy habar berildi.



Degişli Habarlar