“Günorta we Demirgazyk Koreýanyň arasynda indi asla söweş bolmaz”

Günorta Koreýanyň Prezidenti Günorta we Demirgazyk Koreýanyň arasynda indi asla söweşiň bolmajakdygyny aýtdy

791864
“Günorta we Demirgazyk Koreýanyň arasynda indi asla söweş bolmaz”

 

Günorta Koreýanyň Prezidenti Moon Žae-in Günorta we Demirgazyk Koreýanyň arasynda indi asla söweşiň bolmajakdygyny aýtdy.

Moon Günorta Koreýanyň Prezidenti wezipesine başlamagynyň 100-nji günü mynasibetli metbugata beren beýanatynda Demirgazyk Koreýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky krizis we Günorta we Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda durup geçdi.

 Koreýa urşundan soň ýurdy ýaňadandan dikeltmek üçin halkyň uly tagalla edýändigini we söweş sebäpli indi ýitgi çekmek islemeýändigini aýdan Moon, “Koreýa Ýarymadasynda indi asla söweşiň bolmajakdygyny aýdyp bilerin” diýdi.

Prezident Moon ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Demirgazyk Koreýa garşy guralyp bilinjek haýsydyr bir operasiýadan ozal meseläni Günorta Koreýa bilen ara alyp maslahatlaşmak barada ylalaşyk gazanandyklaryna ünsi çekdi.

Ýadro işlerini saklan halatynda Demirgazyk Koreýa  ýörite ilçi ugradyp biljekdiklerini aýdan Moon “Günorta we Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky dialog ýaňadandan başlamaly. Bu meselede sabyrly bolmalydyrys. Onlarça ýyldan bäri dowam edýän dartgynly gatnaşyklaryň hötdesinden gelinmegi we dialogyň ýaňadandan başlamagy üçin tagalla edilmeli” diýdi.



Degişli Habarlar