Eýranyň Prezidenti Ruhaniden ABŞ-a hemle

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani ABŞ-nyň ýurduna garşy girizen sanksiýalaryna ýene-de birini goşan halatynda ýadro ylalaşygyndan birnäçe sagadyň dowamynda çekiljekdiklerini nygtady

790166
Eýranyň Prezidenti Ruhaniden ABŞ-a hemle

Hasan Ruhani döwlet telewideniýesine beren beýanatynda: “Tramp ABŞ-nyň gowy bir hyzmatdaş däldigini tassyklady” diýdi.

Ruhani: “Eger ABŞ sanksiýalaryny dowam etdirse Eýran birnäçe sagadyň dowamynda ýadro ylalaşygyndan ýüz öwürer” diýip hemle atdy.

“Ozal bolgusyz sanksiýalar girizildi” diýen Hasan Ruhani olaryň soň gepleşikler stolynda netijelendirilendigini belledi.

Eýranyň mejlisi ABŞ-nyň girizen sanksiýalaryna jogap hökmünde raketa programasy üçin 520 million dollarlyk pul serişdesini aýyryp goýmak bilen baglanşykly kanun taslamasyny tassyklapdy.



Degişli Habarlar