Donald Tramp Nýu-Ýorkda protest edildi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Nýu-Ýorka guran iki günlik saparynda protestler bilen garşylandy

790023
Donald Tramp Nýu-Ýorkda protest edildi

Tramp Prezidentlige saýlananyndan soň ilkinji gezek giden Nýu-Ýorkdaky öýüniň ýerleşýän ýerindäki Tramp Toweriň öňünde protest edildi.

Demonstrantlaryň arasynda Nýu-Ýorkyň mejlisiniň başlygy Melissa Mark-Wiwerito Trampy göz öňünde tutup: “Oňa Nýu-Ýorka hoş geldiňiz diýmeýäris” diýdi.

Donald Trampyň Demirgazyk Koreýa babatyndaky söweşiň tarapdarydygyny görkezýän beýanatlary we Wirjiniýa ştatynyň Şarlottswill şäherindäki rasist hüjümlerini hem öjükdirmegi bilen müňlerçe nýu-ýorkly şäheriň tapawutly ýerlerinde başladan protestlerini Tramp Towere tarap ýöräp dowam etdiler.



Degişli Habarlar